Ahal welaýatynyň orta mekdepleriniň ençemesinde ene-atasy daşary ýurtlarda işleýän ýa-da tussaglykda saklanýan çagalar arassaçylyk işlerini berjaý etmäge mejbur edilýärler diýip, ahally ýaşaýjylaryň we bilim işgärleriniň ençemesi anonimlik şertinde Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna gürrüň berdi.
“Ene-atasy ýanynda bolmadyk okuwçy gyzlar mekdepleriň hajathanalaryny, synplaryny, zallaryny, koridorlaryny ýuwmaga mejbur edilýärler. Okuwçylar oglanlardan mekdebiň çäginde ýer agdarmak, baglara suw bermek we ot çapmak talap edilýär” diýip, ýagdaýlardan habarly we bulara garşylyk bildirýän bilim işgäri anonimlik şertinde aýtdy.
Azatlykda bu ýagdaýlaryň haýsy mekdeplerde bolýandygy barada anyk maglumatlar bolsa-da, howpsuzlyk aladalary sebäpli olary köpçülige ýetirmekden saklanýar.
Onuň tassyklamagyna görä, bu mejbury talaplar şu aýyň başynda mekdepleriň arassaçylyk işgärleriniň, şol sanda tam süpürijileriň we bagbanlaryň tas ählisiniň pagta ýygymyna çekilmegi bilen başlandy.
Degişli maglumat Ene-atalar işlemäge gidenleriň gelmegine, ogullarynyň öýlenmegine garaşýar“Olaryň arasynda pagta meýdanlaryna 15 gije-gündizlik ýatymlaýyn gidenleri hem bar. Bu bolsa, mekdepleriň arassaçylygyny kim üpjün eder diýen soragy döretdi. Bilim resmileri, şol sanda mekdep ýolbaşçylary günde her synpdan iki okuwçyny nobatçy belläp, bu meseläni çözmeli diýen karar kabul etdiler. Ýöne häzir mugallymlaryň aglabasy bu işlere diňe ene-atasy daşary ýurtlarda ýa-da tussaglykda bolan çagalary çekýärler” diýip, bilim işgäri aýtdy.
"Has-da öte geçme"
Türkmenistanda pagta ýygymyna resmi derejede 9-njy sentýabrda badalga berildi. Ýöne ýurduň aglaba sebitinde bu çäre näresmi derejede mundan bir aý gowrak ozal, awgustyň ortalarynda başlandy. Habarçylarymyz pagta ýygymyna býujet işgärleriniň, öňki bendileriň we hatda hususy pudaklarda işleýän raýatlaryň hem çekilýändigini habar berdiler.
Ene-atasy ýanynda bolmadyk çagalara hossarlyk edýän raýatlaryň, şeýle-de bilim işgärleriniň ençemesi mekdebiň arassaçylygynyň okuwçylaryň hasabyna üpjün edilmeginiň kabul ederliksizdgini aýdýar.
Ýöne olar mugallymlaryň bu işlere diňe ene-atasy ýanynda bolmadyk çagalary nobatçylyk bellemegini "has-da öte geçme" häsiýetlendirýärler.
“Mugallymlaryň öz çagalary ýa-da ene-atasy ýanynda bolan çagalar nobatçylykdan boşadylýar. Sebäbi olaryň ene-atalary çagalaryny mekdebe diňe bilim almaga iberýändiklerini aýdyp, mugallymlar bilen gohlaşýarlar. Şol sebäpli ene-atasy ýanynda bolmadyk çagalary nobatçylyga ýazmagy dowam etdirýärler” diýip, bilim işgäri belledi.
Degişli maglumat Kärendeçiler ilki ýygymçy, soň töleg üçin nagt pul tapanok - çeşmelerBu çagalar günde-günaşa öýlerine egin-eşiklerini hapalap gelýärler we mugallym bizi sapaklardan soň alyp galyp, iki sagada golaý işletdi diýýärler diýip, ene-atasy daşary ýurtlarda zähmet çekýän çagalaryň ençemesiniň hossarlary aýdýar.
Olaryň arasynda mekdeplere baryp, mugallymlara nägilelik bildirýänler hem bar. Käbir mugallymlar bu raýatlara “ene-atasy ýanynda bolmadyk çagalaryň okuwa ýetişiginiň pesdigini” aýdyp, olara “mekdepleri arassalatmak arkaly temmi berýändiklerini” belleýärler.
Degişli maglumat Migrant maşgalalary 'gidenleriň getirilmegini ýa özleriniň goýberilmegini' soraýar"Çagalara öz ene-atalary hossar çykmaly"
“Bu jogaplary eşidýän hossarlaryň arasynda has-da gahar-gazaba münüp, mugallymlar bilen gohlaşýanlary köp. Bu raýatlaryň garamagyndaky çagalary hem nobatçylykdan boşadýarlar. Ýöne çaga seredýän mama, daýza ýa-da beýleki garyndaşy mekdebe gelip, nägilelik bildirmese, çagalaryň kösençligi dowam edýär. Bu çagalara öz ene-atalary hossar çykmaly” diýip, daşary ýurtda işleýän aýal doganynyň çagasyna seredýän ahally ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Azatlyk bu ýagdaýlar barada Ahalyň Bilim müdirliginden teswir almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 15-nji sentýabrda müdirligiň ýurduň Bilim ministrliginiň web sahypasynda görkezilen telefon belgisine eden jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.
Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklar, giň ýaýran işsizlik, soňky iki onýyllygyň dowamynda müňlerçe raýatyň eklenç gözleginde daşary ýurtlara gitmegine getirdi. Bu ýagdaý, çagalaryň ene-atasyndan aýrylmagyna, käte-de maşgalalaryň bozulmagyna getirdi.
Türkmen häkimiýetleri ýaşamak ýa-da işlemek üçin daşary ýurtlara gidýän türkmenistanlylaryň sany baradaky statistikany aç-açan mälim etmeýär.
Ýöne 2019-njy ýylda döwlet statistika ulgamyndaky çeşmelerimiz 2008-2018-nji ýyllar aralygynda 1,9 million çemesi türkmenistanlynyň hemişelik ýa-da uzak möhletli esasda ýurdy terk edendigini habar berdiler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.