Mahsa Amininiň aradan çykanyna üç ýyl bolsa-da, eýran häkimiýetleri henizem onuň maşgalasyna 22 ýaşly gyzyň baş örtügini dakmak baradaky kanuny bozandygy diýilýan aýyplamalar esasynda, Tehranyň ahlak polisiýasynyň tussaghanasynda ölen gününiň üçünji ýylynyň hatyrasyny tutmaga rugsat bermeýärler.
Maşgalanyň ýakynlarynyň biri 16-njy sentýabrda, Amininiň aradan çykan gününiň üçünji ýylynda, Azatlyk Radiosynyň Eýranyň gullugy, ýagny Radio Farda bilen söhbetdeş bolup, onuň kakasy Amjad Aminiň Eýranyň Kürdistan welaýatyndaky Saghwez şäherinde howpsuzlyk gulluklary tarapyndan çagyrylandygyny we hiç hili hatyra çäresini geçirmezlik barada duýdurylandygyny aýtdy.
Internetde peýda bolan wideo ýazgylarda 16-njy sentýabrda Saghwezde dükanlaryň ýapyk durandygyny synlasa bolýar. Bu waka ýerli söwdagärleriň Amininiň aradan çykan gününiň ýyl dönümi mynasybetli yglan eden iş taşlaýyşy hökmünde häsiýetlendirildi.
Atlandyrylmasyzlygyny soran çeşmäniň sözlerine görä, 14-nji sentýabrdan bäri howpsuzlyk güýçleri Amininiň maşgalasynyň öýüniň daşynda nobatçylyk çekýärler we olaryň hereketlerini yzygiderli gözegçilikde saklaýarlar.
Şol bir çeşme howpsuzlyk güýçleriniň, adamlaryň onuň mazaryna barmagynyň öňüni almak üçin, Aminiň jaýlanan Aýçi gonamçylygynyň girişini hem petikländiklerini aýtdy. Merhumymyň maşgala agzalaryna hem onuň mazaryna baryp görmäge rugsat berilmändir.
Geçen ýyl hem, Amininiň ölüm gününiň ikinji ýyl dönüminde, şunuň ýaly howpsuzlyk çäreleri görlüpdi. Amininiň polisiýanyň tussaglygynda heläk bolmagy tutuş ýurt boýunça giň gerimli protestleriň tutaşmagyna sebäp boldy. Demonstrasiýalaryň dowamynda zenanlar mejbury dakdyrylýan başörtüklerini sypyryp, ýokary ruhany ýolbaşçylara, şol sanda ýokary ruhany lider Aýatolla Ali Hamenäýe garşy hem şygarlary gygyrdylar.
Häkimiýetler protestlere zorluk bilen jogap berip, 500-den gowrak adamy öldürdi, 20 müňden gowrak adamy hem tussag etdi.
Adam hukuklaryny goraýjy Human Rights Watch guramasy bu sene mynasybetli ýaýradan beýannatynda eýran häkimiýetleriniň 2022-nji ýylda “Aýal, Durmuş, Azatlyk” şygary bilen geçirilen protestlerden bäri, halkara hukugyna laýyklykda jenaýat diýip kesgitlenýän etmişler, şeýle-de agyr adam hukuk bozulmalary boýunça netijeli, garaşsyz we bitarap derňew geçirmändigini aýtdy.
“Eýran häkimiýetleriniň gazaply zorlugyna sezewar bolan pidalaryň we olaryň maşgala agzalarynyň adalaty gazanmak mümkinçilikleri ýok. Sebäbi adalaty üpjün etmeli ýolbaşçylaryň hut özleri kanun bozulmalara we jenaýatlara dahylly bolmak bilen bir hatarda, günäkärleri hem jogapkärçilikden goraýarlar” diýip, Human Rights Watch-yň Eýran boýunça uly ylmy-işgäri Bahar Saba aýtdy.
Ol şeýle hem: “Bular ýaly ýagdaýlary kanun taýdan derňäp bilýän ýurtlar her bir mümkinçilikden peýdalanmaly” diýip sözüne goşdy.