Men özümi myhman däl, gözegçilik astyndaky adam ýaly duýdum - çeşme

Türkmen-özbek serhedi. Arhiw suraty

Türkmen metbugaty aprel aýynda ýurduň migrasiýa hakyndaky kanunyna goşmaçalaryň we üýtgetmeleriň girizilendigini, prezident Serdar Berdimuhamedowyň degişli permana gol çekendigini we onuň şu ýylyň 18-nji aprelinde güýje girendigini habar berdi.

Täze üýtgetmelere görä, elektron wiza (e-Visa) Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň maglumat ulgamynda elektron görnüşde resmileşdirilýän resminama hökmünde kesgitlenýär we ony alanyňda ýurda gelmek üçin çakylyklary resmileşdirmek we bermek zerurlygynyň ýatyrylmagy möhüm täzelik boldy diýip, habarda aýdyldy. Emme çeşmeler Türkmenistanyň wiza syýasatyndaky çylşyrymly ýagdaýyň saklanyp galýandygyny aýdýarlar.

Ýakynda Türkmenistana baryp gelen özbek raýatynyň, horezmli Bazarbaýyň gürrüň bermegine görä, türkmen wizasyny almakdaky kynçylyklar saklanyp galýar.

Degişli maglumat “Ýapyk” Türkmenistan daşary ýurtlular üçin elektron wiza ulgamyny girizýär


"Ilkinji bellemeli zat, Horezmde türkmen konsullygy ýok, özbek raýatlary türkmen wizasy üçin 1100 kilometr ýol geçip, paýtagt Daşkende gitmeli bolýarlar. Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçihanasynyň resmi saýtynyň konsullyk hyzmatlar bölüminde Türkmenistana barjak özbegistanlylar we umuman daşary ýurtly myhmanlar üçin düşündiriş ýa-da bildiriş ýok. Wiza maglumaty diňe agyr halda ýatan ýakyn garyndaşyňy görmek üçin, aradan çykan ýakyn garyndaşyň mazaryny görmek üçin we tranzit üçin niýetlenen wizalar dogrusynda berlip, beýleki wizalaryň hiç haýsy barada maglumat ýok” diýip, Bazarbaý aýtdy.

Konsullykdan gerekli maglumatlary alyp bolmaýar

Ol Daşkentdäki konsullyga jaň edip, gerekli jogaplary alyp bilmänsoň, Daşoguzda ýaşaýan ýakyn garyndaşyna jaň edendigini, doganynyň öýüne myhman bolmak üçin ilki gerek zadyň çakylyk haty bolup çykandygyny gürrüň berdi.

“Doganym çakylyk hatyny remileşdirmek üçin Daşoguzdaky migrasiýa gullugyna üç nusgada arza; doganymyň we meniň pasportlarymyzyň nusgalaryny tabşyrdy. Bbellemeli zat, türkmen migrasiýa gullugy doganyma "çagyrjak bolýan doganyň bilen familiýaň bir bolmaly, eger familiýaňyz başga bolsa, Aşgabat arzaňy ret eder" diýipdir. Şeýle-de, doganym doguş hakyndaky şahadatnamalarymyzy we ene-atamyzyň nika hakyndaky şahadatnamasyny; Türkmenistana gelmegimiň sebäbini tassyklaýan resminama (men doganymyň gyzynyň toýuna barýardym, nika baglaşmak üçin berlen arzanyň nusgasyny tabşyrdy.”

Bazarbaý 30 günde taýýar bolmaly çakylyk hatynyň diňe 52 günden soňra taýýar bolandygyny, soň otluda 1100 kilometr aralygy geçip, Daşkentdäki konsullygyna wiza resminamalaryny tabşyrmaga gidendigini gürrüň berdi.

"Türkmen konsullygyna baryp, 3 aýlyk çakylyk hatyny, arzamy, fotosuratymy, çagyryjy bolan doganymyň pasportynyň nusgasyny, öň biometriki pasportymyň nusgasyny, ýakyn garyndaşdygymyzy tassyklaýan doguş şahadatnamalarymyzyň, ene-atamyzyň nika hakyndaky şahadatnamasynyň nusgasyny tabşyrdym.”

Bulardan başga, Bazarbaý AIDS merkezinden AIDS keseliniň ýokdugy baradaky kepilnama alypdyr. Onuň sözlerine görä, bu kepilnamanyň gerekdigi konsullygyň resmi sahypasynda aýdylmaýar, muny diňe tanyş-bilişleriň üsti bilen bilýärsiň.

Geljekki myhman 10 günlük, bir gezeklik wiza üçin 150 dollar pul tölemeli bolýar we konsullyk oňa diňe 2007-nji ýyldan soň çykan täze banknotlary kabul edýändigini aýdýar.

Degişli maglumat Türkmenistan Trampyň ABŞ-a girişi bölekleýin çäklendirýän kararyna “alada” bildirdi, munuň “gyssagly ädim” bolandygyny aýtdy


Wiza 12 günde taýýar bolup, Bazarbaý ýene Horezmden Daşkende gelýär. Ol bu ýoldaky ýol harajady üçin 112 dollar, wiza üçin 150 dollar, AIDS sertifikat üçin 9,5 dollar çykdajy edendigini aýdýar.

“30 minutlyk ýoldaky Türkmenistanyň 'gaty uzaldylan ýoly'

“30 minutlyk ýoldaky Türkmenistana barmankam 271,5 dollar harçlamaly boldum. Bu meniň üçin uly harajat, sebäbi bir aýlyk zähmet hakym 280 dollar töwereginde...” diýip, horezmli Bazarbaý aýtdy.

Türkmenistana Şabat-Daşoguz serhet geçelgesinden geçen Bazarbaý bu ýerde gören zatlaryny hem gürrüň berdi.

"Şabat serhet geçelgesinde uly nobata şaýat boldum. Gürleşip görsem, nobata duranlaryň tas 90-95%-i Türkmenistanyň raýatlary bolup, olaryň aglabasy Özbegistana iş gözläp gelen we resminama meseleleri sebäpli yzyna barýan adamlar, Özbegistana garyndaşlaryny görmäge gelen daşoguzly özbekler eken.”

Nobata duranlaryň arasynda Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň Gazojak, Darganata şäherlerinden Özbegistana myhmançylyga gelen özbekler, türkmenler hem bar eken diýip, söhbetdeşimiz adamlaryň 2013-nji ýylda, serhetýaka ýaşaýjylary üçin döredilen 3 günlük wizasyz gatnaw ýatyrylly bäri, Gazojak-Pitnäk serhet geçelgesiniň öz işini togtatmagyndan gaty nägile bolýandyklaryny gürrüň berdi.

“Darganata etrabynyň ýaşaýjylary indi 12 ýyl bäri howply, 200 kilometre golaý ýol geçip, Daşoguz-Şabat geçelgesine gelmäge mejbur bolýarlar. Özbek serhedini geçip, türkmen serhedine baramyzda, ähli nobata duranlardan ýolagçy gümrük deklarasiýasyny türkmen ýa rus dilinde doldurmak soraldy” diýip, Bazarbaý aýtdy.

Şeýle-de, söhbetdeşimiz türkmen tarapynda COVID-19 keseline test almak bahanasy bilen 33 dollar, migrasiýa pajy üçin 14 dollar tölemeli bolandygyny, doganynyň öýüne barýança dürli tölegler we ýol üçin azyndan 318,5 dollar çykdajy edendigini hem sözüne goşdy.

"MHM 10 günde 3 gezek barlaga geldi"

Bazarbaý doganynyň özüni Daşoguz şäher migrasiýa edarasyna baryp, öz öýünde hasaba goýdurandygyny, MHM işgärleriniň 10 günüň dowamynda 3 gezek öýe gelip, özüniň nirede we näme edýändigimi barlap gidendigini hem gürrüň berdi.

“...men özümi bir myhman däl-de, gözegçilik astynda saklanylýan iş kesilen adam ýaly duýdum" diýip, Bazarbaý aýtdy.

Degişli maglumat Daşary ýurtly syýahatçylar Türkmenistan barada


Şeýle-de, söhbetdeşimiz Türkmenistandaky internetiň öz bolan günlerinde tas tutuşlygyna petik bolandygyny aýtdy.

Metbugat habarlaryna görä, Özbegistan we Türkmenistan Şabat-Daşoguz serhet geçelgesiniň ugrunda serhetýaka söwda zolagyny açmagy meýilleşdirýär. Emma synçylar aşa çylşyrymlaşdyrylan wiza düzgüni ýatyrylmasa, Türkmenistanyň açyk gapylar, şol sanda goňşy ýurtlar bilen aradaky gatnaşygy ösdürmek barada aýdýan zatlarynyň kagyz ýüzünde galjakdygyny öňe sürýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.