Türkmenistanda Garaşsyzlyk gününe iki hepdeden hem az wagt galanda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde bu sene mynasybetli geçiriljek dabaralara görülýän taýýarlyk çäreleri batlanýar.
Çärelere gatnaşmaly edilen býujet işgärleri we okuwçylar ýol hem-de naharlanmak çykdajylaryny öz maddy serişdeleriniň hasabyna tölemeli bolýandyklaryny aýdyp, muňa nägilelik bildirýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 15-nji sentýabrda paýtagtdan maglumat berdi.
“Arkadag şäheriniň mugallymlary we okuwçylary Garaşsyzlyk gününiň ýyldönümine görülýän taýýarlyk çärelerine awgust aýyndan bäri mejbur gatnaşdyrylýar. Olar awgustyň dowamynda Arkadagda ýerleşýän Arkadag stadionynda çäräniň türgenleşigini geçiren bolsa, sentýabryň başyndan bäri paýtagtyň günortasynda, Döwlet münberiniň öňündäki taýýarlyk çärelerine gatnaşýarlar” diýip, ýagdaýlardan habarly arkadagly bilim işgäri anonimlik şertinde aýtdy.
Arkadagdan Aşgabatdaky taýýarlyk çärelerine gatnaşýanlaryň arasynda okuwçylardan we mugallymlardan başga-da, talyplar, döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri, şol sanda Türkmenistanyň ýaragly güýçleriniň esgerleri, serkerdeleri, şeýle-de, polisiýa işgärleri we Içeri işler ministrliginiň institutynyň talyplary bar.
“Bagtly çagalaryň keşbi”
“Biz ir säher bilen, daňdan sagat 5-de münberiň öňünde ýygnanmaga borçly edilýäris. Taýýarlyk çäreleri öýlän sagat 3-4-lerde gutarýar” diýip, arkadagly býujet işgäri anonimlik şertinde aýtdy.
Onuň tassyklamagyna görä, okuwçylar münberiň daş-töwereginde “bagtly çagalaryň keşbini” ýerine ýetirýärler. Olar ellerinde şarlary we baýdaklary ýokary göterip galgadýarlar.
“Olardan ýylgyrmak, ýalan gülki, şatlyk görkezmek talap edilýär. Guramaçylar mugallymlardan bolsa, elleri baýdakly we gülli ýoluň iki tarapynda janly diwara düzülip, hatara durmagy we prezidente alkyş sözleri gaty we batly sesli gaýtalamagy talap edýärler” diýip, taýýarlyk çärelerine gatnaşýan mugallym anonimlik şertinde aýtdy.
Türkmenistan şu aýyň 27-ne öz garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyny belleýär. Resmi medianyň maglumatlaryna görä, adatça bolşy ýaly, bu sene mynasybetli ýurtda onlarça çäräniň, şol sanda Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada dabaraly ýörişiň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.
29-njy awgustda geçirilen hökümet mejlisinde prezident Serdar Berdimuhamedow bu sene mynasybetli Döwlet münberiniň öňünde geçiriljek dabaralara ýokary derejede taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi. Ýöne resmi metbugat munuň jikme-jikliklerini aýdyňlaşdyrmady.
Türkmenistanda bu sene mynasybetli paýtagtda geçirilýän dabaralara ýurduň çar künjeginden müňlerçe adam, şol sanda býujet işgärleri, okuwçylar, talyplar, medeniýet işgärleri mejbury gatnaşdyrylýar.
"Aýlygyň tas üçden bir bölegi gidýär"
Dabaralara görülýän taýýarlyk çäreleri adatça bir aý, käbir ýyllarda bolsa, iki aý çemesi öňünden geçirilip başlanýar. Gatnaşyjylar bu çäreleriň ýol we naharlanmak çykdajylaryny öz maddy serişdeleriniň hasabyna tölemeli bolýarlar.
“Häzir okuwçylar we mugallymlar üýşüp, çäräniň geçiriljek ýerine awtobuslarda ýa-da taksilerde gidýärler. Käbir ene-atalar çagalaryny hususy ulagynda eltip gaýdýarlar. Mugallymlar we okuwçylar 10-11 sagadyň dowamynda iýjek-içjeklerini özleri satyn almaly, ýol kireýlerini hem özleri tölemeli bolýarlar. Halys ýadadyk şulardan” diýip, mugallym aýlyk haklarynyň tas üçden bir bölegini bu çärelere sarp etmeli bolýandyklaryny aýdýar.
Azatlyk bu ýagdaýlar barada Arkadag şäheriniň bilim bölüminden teswir alyp bilmedi.
Şu aýyň başynda ahally bilim işgärleriniň ençemesi taýýarlyk çäreleriniň ýol we naharlanmak çykdajylary üçin her gün 100 manada golaý sarp etmeli bolýandyklaryny belläp, nägilelik bildiripdi.
Türkmen häkimiýetleri we döwlet mediasy her ýyl bu sene mynasybetli geçirilýän dabaralaryň “uly şowhun bilen bellenilýändigini” mälim etse-de, olara görlen taýýarlyklar, gatnaşyjylaryň sarp etmeli bolan maddy serişdeleri barada gürrüň gozgamaýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum